Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Innowasiýa – şu günüň we geljegiň talaby

2022-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Telekeçiler mekdebiniň  Lebap welaýat bölüminde häzirki döwürde innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň gazananlarynyň, sanly maglumatlaryň gündelik durmuşymyza giňden ornaşýandygy sebäpli, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň medeniýeti barada düşündiriş işlerini alyp barmak maksady bilen, “Innowasiýa – şu günüň we geljegiň talaby” atly düşündüriş çäresi geçirildi.

Düşündüriş çäresinde innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň çykyşlary diňlenildi. Olar öz çykyşlarynda häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ähli şertleriň döredilendigi, sanly maglumatlaryň gündelik durmuşymyza giňden ornaşmagynyň  telekeçileriň işine nähili ýardam berýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çykyşlaryň dowamynda bize şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP