Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Milli Lider halkyň Arkadagy

2022-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip yglan edilmegi mynasybetli “Milli Lider halkyň Arkadagy” atly  maslahaty geçirildi. 
Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça her ýyla at berilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki zaman ösüşiniň möhüm tapgyrlaryna aýratyn ünsi çekmäge mümkinçilik berýär hem-de her ýylyň ýurdumyz we halkymyz üçin ähmiýetli wakalara beslenmegine giň ýol açýar. Eziz Diýarymyzy ösüşiň täze derejesine çykaran, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ugrunda alada edýän hormatly Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Olar Milli Liderimize 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly şygaryna mynasyp zähmet çekjekdiklerine we ähliumumy maksatlaryň amala aşyrylmagy, durnukly ösüşiň berkarar edilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny we il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdiler.

TSTP