Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Watany beýgeldýän syýasat

2021-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Hormatly Prezidentimiziň Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen  “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara  howpsuzlygynyň, durnuklylygynyň  we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatynda hem-de kabul ediş dabarasynda eden çuňňur many-mazmunly çykyşyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça wagyz-nesihat  ähmiýetli maslahat geçirildi. 

Çykyşlarda          ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy. Bu maslahat Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy hökmünde diňe bir giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen, ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlar bilen eýsem, şol başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça çäreleri hem öňe sürýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar diýip bellediler. 

Çykyş edenler maslahaty jemläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny we il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

TSTP