Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Ýaşlar ýurdumyzyň röwşen geljegi

2021-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda “Sada Türkmen” hususy kärhanasynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” ugur alyp, ýaşlary telekeçilige çekmek hem-de Ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, “Ýaşlar ýurdumyzyň röwşen geljegi” atly duşuşyk maslahaty geçirildi.

Çykyşlarda: Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň  içeri we daşary syýasatlaryny durmuşa geçirmek we  wagyz-nesihat etmek biziň esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar.Türkmenistanda ýaşlara telekeçiligiň hukuk ýagdaýyny we netijeli işlemeginiň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döretmek hem-de telekeçiligiň hususy başlangyçlar esasynda netijeli işlemegini kämilleşdirmek barada giňden gürrüň etdiler. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri, esasy maksatlary we wezipeleri, esasy ugurlary barada giňden gürrüň etdiler. Olar öz çykyşynda ýurdumyzda hususy ulgamyň ösüşini geljekde has-da ýokarlandyrmak üçin ýaşlara telekeçilik işini, bu ulgamda döredilýän ýeňilliklerden peýdalanmagy, dünýäniň ösen döwletlerinde bu ugurda gazanylanlar bilen birlikde, türkmen telekeçileriniň toplan tejribelerini, ýaşlary telekeçilige çekmek, olara zerur bilim başarnyklary öwretmek barada belläp geçdiler. Şeýle-de, telekeçilik işiniň esaslaryny öwretmekde zerur bolan ýörite okuwlary guramak, esaslandyryjy resminamalary we täjirçilik maksatnamalaryny işläp taýýarlamakda ýaş telekeçilere ykdysady we dolandyryjylyk bilimini almakda guramaçylyk we maliýe taýdan ýardam etmek; ýaş telekeçileriň we ýaşlar kärhanalarynyň arasynda telekeçilik işi babatda bäsleşikleri, maslahatlary, olimpiadalary we festiwallary geçirmek boýunça birnäçe aýratynlyklar barada belläp geçdiler. Çykyş edenler  maslahaty jemläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny we il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

TSTP