Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Bedew batly zamanamyzda telekeçilige giň ýol

2021-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda “Şatumar” hususy kärhanasynda Hormatly Prezidentimiziň ykdysady özgertmeleriniň ähmiýetini we telekeçileri döwlet tarapyndan goldamak syýasatyny wagyz etmek maksady bilen “Bedew batly zamanamyzda telekeçilige giň ýol” atly duşuşyk maslahaty geçirildi. Bu duşuşyk maslahatynda çykyşlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň  içeri we daşary syýasatyny durmuşa geçirmek we  wagyz-nesihat etmek biziň esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar. Döretmegiň, gurmagyň rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadamlarda öňe barýan ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň ýöredýän içeri we daşary syýasaty, ykdysady we medeni özgertmeler, halkymyzyň ýaşaýşyna nesilleriň ýagty geljegine gönükdirilen maksatnamalaryň amal bolýandygyna buýsançly bilen belläp geçdiler. Maslahaty jemläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny we il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdiler.

TSTP