Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GARAŞSYZLYK WE BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ ÖSÜŞIŇ HEM-DE ABADANÇYLYGYŇ MUKADDES BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGY WE BAGTYÝAR DURMUŞY – DÖWLET SYÝASATYNYŇ BAŞ MAKSADY

    Türkmenistanyň...

  • DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ MIZEMEZLIGIŇ BERK BINÝADY

    Ýakynda...

  • ÝAŞLAR BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

    Şu gün...

  • HALKYMYZYŇ ABADAN DURMUŞYNY ÜPJÜN ETMÄGE GÖNÜKDIRILEN GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELER

    Türkmenistanyň...

ÝAŞLAR RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Balgaýmak» süýt we süýt önümleri öndürýän hususy kärhanasynda ýaşlary telekeçilik işine çekmek maksady bilen tejribe okuw sapagy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler talyplaryň diňe bir nazary bilim almagyny däl, eýsem olaryň amaly gözýetimini giňeltmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny ýerinde öwrenmegi  öňde maksat goýýar. Bu günki okuw-tejribe sapagy hem hut ussat telekeçiligi we ýerli önümçiligi ösdürmek boýunça döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň nyşany bolan «Balgaýmak» hususy kärhanasynda göçme okuw sapagy gurnaldy. Önümçilik binalarynda talyplar kärhanada çig malyň kabul edilişi we işlenip taýýarlanyş tapgyrlaryny, häzirki zaman döwrebap awtomatlaşdyrylan enjamlaryny, önümleriň hiline gözegçilik edýän barlaghananyň işini ýakyndan tanyşdylar. Talyplar kärhananyň döreýiş taryhy, häzirki alyp barýan işleri, öndürýän önümleri we geljekki meýilnamalary barada hünärmenler bilen pikir alyşdylar.

Çäräniň ahyrynda döwletimizi ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza sagbolsunlaryny beýan etdiler.

TSTP