Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

Hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly täze  kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

2021-nji ýylyň 30-njy sentýabry Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölüminiň bilelikde gurnamagynda birleşmäniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Milli Liderimiziň beýik baýramyň hormatyna “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly täze  kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. 

Çykyşlarda: Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyz uly rowaçlyklara beslenip, mukaddes  Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaraly Garaşsyzlyk gymmatlyklarymyzy, özbaşdak ösüş ýolumyzda ýetilen sepgitleri dabaralandyrýar. Milli  Liderimiziň eserinde bellenilişi ýaly, ata-babalarymyzyň hemişe arzuw eden , ikinji müň ýyllygyň ahyrynda döredilen Garaşsyz Türkmen döwleti dünýäniň syýasy kartasynda mynasyp orny eýeläp, tutuş adamzada öz şuglasyny saçyp, düýbünden täze, bagtyýar döwrüň başlanandygyny alamatlandyrdy. Şunda milli Liderimiz: “Bagtymyzy gazanmak, berkitmek Watanmyzy ösüşleriň ýoly bilen, öňe, diňe öňe äkitmek ugrunda amala aşyrylan we amala aşyrylýan işler il-halkymyzyň egsilmez gaýratynyň, joşgunly  zähmetiniň netijesidir” diýip bellediler. Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar  Milli Liderimiziň ata Watanmyza hem-de mähriban halkymyza bolan egsilmez söýgüsi üçin Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler, halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny üpjün etmek täze taryhy eýýamda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň rowaçlyklar arzuw etdiler. 

TSTP