Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

GARAŞSYZLYK ÝYLLARYNDA – WATAN YKDYSADYÝETINIŇ BELENT SEPGITLERI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda «Röwşen» hususy kärhanasynda «Garaşsyzlyk ýyllarynda – Watan ykdysadyýetiniň belent sepgitleri» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan beýik ykdysady üstünlikleri, ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmek we ýerli öndürijileri goldamak boýunça amala aşyrylýan giň göwrümli özgertmeler barada giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem «Röwşen» hususy kärhanasynda öndürilýän ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleriň içki bazary üpjün etmekde we milli ykdysadyýetimizi berkitmekde tutýan orny aýratyn bellenildi. Dabara gatnaşyjylar hususy pudagyň ösmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdylar.

TSTP