Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

HALK MASLAHATY: HALKYŇ BAGTYÝARLYGY – ÝURDUŇ BERKARARLYGY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň binasynda «Halk Maslahaty: halkyň bagtyýarlygy – ýurduň berkararlygy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresi Halk Maslahatynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini düşündirmäge hem-de welaýatyň hususy pudagynyň ýurduň ösüşine goşýan goşandyny beýan etmäge bagyşlandy. Halkyň bagtyýar durmuşyny hem-de döwletiň berkararlygyny üpjün etmekde Halk Maslahatynyň kararlarynyň eýeleýän möhüm ornuny giňden wagyz etmek. Telekeçileriň milli ykdysadyýeti ösdürmekdäki, täze önümçilikleri we iş orunlaryny döretmekdäki işjeňligini hem-de gazanan üstünliklerini görkezmek barada gürrüňler edildi. Çärä gatnaşyjylar hususy pudagyň ösmegine hem-de telekeçileriň döredijilikli zähmet çekmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdylar, olary janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP