Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

Hoşallyk maslahaty geçirildi

      2021-nji ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölüminiň bilelikde gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bolan wakalar hem-de bu ýerde Merkezi Aziýa sebitiniň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy we onuň bilen utgaşyklylykda bellenilen çäreler boýunça hoşallyk maslahaty geçirildi.

     Maslahatda çykyş edenler Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirilen ozalky mejlisler syýasy gatnaşyklaryň bu görnüşiniň degerliligini peýdalanandygyny we ýokary netijelidigini aýdyň görkezdi. Ol birek-biregi tanamaga hem-de oňat düşünişmäge mümkinçilik berýär. Sebit hyzmatdaşlygynyň barşy hem-de ugry barada umumy düşünjäni kemala getirmäge ýardam edýär. Merkezi Aziýada bolup geçýän ýagdaýlara öz wagtynda we çeýe täsir etmäge mümkinçilik berýär, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak bilen, ileri tutulýan milli ugurlary gurmaga ýardam edýär. Bu gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylygyň, birek-biregi hormatlamagyň, doganlygyň taryhy köklerine hem-de halklarymyzyň medeni siwilizasiýa ýakynlygyna daýanýarys. Bu mäkäm binýat bize geljege ynamly garamaga dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giň gerimli, uzak möhletleýin we durmuşa ukyply meýilnamalaryny düzmäge mümkinçilik berýändigini belläp geçdiler.

     Çykyş edenler maslahaty jemläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrinde Hormatly Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny we il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdiler.

TSTP