Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ TARYHY ÄHMIÝETI WE ÖŇDE GOÝÝAN WEZIPELERI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we Lebap welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda partiýa agzalarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti we öňde durýan wezipeleri dogrusynda maslahat duşuşygy geçirildi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamyndaky eýeleýän möhüm orny dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle-de şu ýylyň 23-nji sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýurdumyzyň geljekki ösüşindäki ähmiýeti hakynda giňişleýin bellenilip geçildi.

Şeýle-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halal zähmet çekmek we dynç almak üçin döredilip berlen amatly şertler we bu ugurda ýetilen uly sepgitler barada buýsanç bilen durlup geçildi.

Maslahata gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýagty geljegi we halkymyzyň abadan ýaşaýşy ugrunda edýän taýsyz tagallalaryna köp sagbolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP