Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti, Mary welaýat maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň uly mejlisler jaýynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi.
Maslahatda döwletimiziň özbaşdaklyk ýyllarynda gazanan beýik üstünlikleri, syýasy-ykdysady durnuklylygy, milli agzybirligi berkitmekde alnyp barylýan belent özgerdişler barada giňişleýin belläp geçdiler. Maslahata gatnaşyjylar Garaşsyzlygyň halkymyzyň taryhy ykbalynda eýeleýän ornuny, milli gymmatlyklarymyzy güýçlendirmekde hem-de ýaş nesillere watançylyk terbiýesini bermekde şeýle çäreleriň uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze taryhy sepgitlere tarap okgunly öňe gitmegimiziň kepilidir. Garaşsyzlyk mukamy biziň geçmişimiziň mirasy, şu günümiziň ruhy kuwwaty we geljegimiziň egsilmez owazydyr. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durnukly ösüş ýoly biziň bagtyýarlygymyzyň hemişelik badalgasydyr diýip aýtdylar.
Maslahata gatnaşyjylar halkymyzyň agzybirligini, durnukly ösüşini we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP