Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

ŞANLY SENÄ BAGYŞLANDY

2026-njy ýylyň 7-nji iýulynda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler  partiýasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap komitetiniň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň bilelikde gurnamagynda, Saýat etrabynyň 22-nji orta mekdebinde, ýetip gelýän Garaşsyzlyk toýumyzyň şanly 35 ýyllyk dabarasy mynasybetli «Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi uly dabara bilen toýlamaga taýýarlyk görülýär» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Geçirilen çärede uly dabaralar bilen ýetip gelýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna görülýän uly taýýarlyk işleri barada durlup geçildi. Geçirilen çärä syýasy partiýanyň işjeň agzalary gatnaşdylar. 

Maslahatda çykyş edenler Halkyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýetilen uly sepgitler barada täsirli gürrüňler etdiler. 

Maslahata gatnaşyjylar mundan beýläk-de ýurdumyzyň batly ösüşine öz goşantlaryny goşjakdyklaryny nygtadylar. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip beren mümkinçiliklerine öz hoşallygyny we alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP