Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda «Röwşen» hususy kärhanasynda zähmet çekýän ilkinji partiýa guramasynyň agzalarynyň arasynda «Garaşsyzlyk – bagtymyzyň binýady» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesindäki abraýy barha arşa galýar. Berkarar Watanymyzda bagtyýar halkymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýuna barýar. Halkymyz özüniň mukaddes Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplygyna eýe bolandan soňra ajaýyp özgerişleri başdan geçirdi. Il-günümiz bu günki gün bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Gülden görkana Watanymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Döwletimiz bedew batly ösüşleriň gadamy bilen täze-täze ýeňişlere eýe bolýar. Biz hem partiýanyň agzybir işgärleri bolup, ýurdumyzyň ajaýyp ýeňişlerine, ösüş-özgerişlerine mynasyp goşandymyzy goşup yhlasly zähmet çekýäris.
Halkymyzy şeýle eşretli günlerde ýaşadýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
TSTP