Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

WAGYZ-NESIHAT EDILDI

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap komitetiniň gurnamagynda Saýat etrabynyň merkezi kitaphanasynda partiýanyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda Arkadag şäheriniň üç ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň «akylly» şäher diplomatiýasy dabaralanýar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Geçirilen çärede Arkadag şäheriniň tarypy giňden ýetirildi. Şeýle-de ýurdumyzyň batly depginli ösüşi, Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň «Akylly» şäher hasaplanýan Arkadag şäheriniň mundan beýläk hem abadanlaşmagy ugrunda edýän atalyk aladalary, ýurdumyzda uludan bellenilýän şanly seneler we baýramlar, döredilip berilýän mümkinçilikler barada täsirli gürrüňler edildi.

Çärä gatnaşanlar şeýle mümkinçilikleri döredip berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP