Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GARAŞSYZLYK WE BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ ÖSÜŞIŇ HEM-DE ABADANÇYLYGYŇ MUKADDES BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGY WE BAGTYÝAR DURMUŞY – DÖWLET SYÝASATYNYŇ BAŞ MAKSADY

    Türkmenistanyň...

  • DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ MIZEMEZLIGIŇ BERK BINÝADY

    Ýakynda...

  • ÝAŞLAR BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

    Şu gün...

  • HALKYMYZYŇ ABADAN DURMUŞYNY ÜPJÜN ETMÄGE GÖNÜKDIRILEN GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELER

    Türkmenistanyň...

ARKADAG ŞÄHERI – ÝURDUMYZYŇ YKDYSADY KUWWATYNYŇ AÝDYŇ GÖRKEZIJISI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde gurnamagynda dabaraly maslahat geçirildi. 

Maslahata gatnaşyjylar özleriniň çykyşlarynda häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan «akylly» şäherde-de taryhy ähmiýeti bolan beýik işler amala aşyrylýar. Ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän bu asylly işler ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmegine gönükdirilendir. Bu ýerde milli şäher gurluşygynyň iň gowy däpleri binagärligiň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. 

Arkadag şäheri dünýäniň iň täze we geljegi uly şähergurluşyk hem-de inženerçilik-tehniki çözgütlerini, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen ägirt uly gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegini, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn innowasion ösüşine, ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, halkyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklerini özünde jemleýär diýip buýsanç bilen bellediler. 

Şeýle ajaýyp zamanada baky bagtyýar abadan durmuşda ýaşadýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.

TSTP