Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti, Mary welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Ylymlar güni mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Şeýle-de bu duşuşyk Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Sebit ekologiýasy we ýaşyl başlangyçlar» atly eko-taslamalar bäsleşiginiň Mary welaýaty boýunça ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bilen utgaşyp gitdi.
Ylymdyr bilimiň döwrebap ösdürilmegi Türkmenistan döwletimiziň uzak geljeginiň şöhratly döwrüne ak ýol açýar. Ýurdumyzda ylymdyr bilimiň ygtybarly hukuk binýady döredildi. Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem esasy maksatlar we wezipeler kesgitlenildi. Bilim, ylym we ylmyň gazanan ýokary tehnologiýalary boýunça dünýäniň iri halkara guramalary, ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlyga giň mümkinçilikler döredilip, bu ýurt ähmiýetli işlere kuwwatly itergi berildi. Ylmy-barlag edaralary, ýokary, ýörite orta hünär, orta mekdeplerimiz, önümçilik kärhanalarymyz iň häzirki zaman ösen tehnologiýalar, okuw esbaplary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Elbetde, bu ugurda amal edilýän beýik işleriň ählisiniň bitewilikde tutuş jemgyýetimizi ösdürmäge, şonuň bilen birlikde ylmy hil taýdan täze derejelere ýetirmäge, ylmy barlaglaryň netijeliligini artdyrmaga gönükdirilmegi köpçüligiň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň intellektual derejesiniň ýokarlanmagyna, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegine has oňaýly täsir edýär.
Ýurdumyzyň geljegi bolan döwrebap ylymly-bilimli ýaş nesli kemala gelmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.
TSTP