Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

WAGYZ – NESIHAT EDILDI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň gurnamagynda Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda «Garaşsyzlyk ata – Watanymyzyň abraý – mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdyr» atly wagyz – nesihat duşuşygy geçirildi. 

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplygyny göwün ganatyna deňeýän türkmen halkymyz, özüniň asyrlar boýy arzuwlap ýeten agzybirliginiň, jebisliginiň mukaddes toýuny toýlaýar.Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimizde alynyp barylýan parasatly syýasatyň saýasynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler barmak basyp sanardan kän. Mukaddes Garaşsyzlygymyz biziň ähli ösüş-özgerişlerimiziň, beýik şöhrata beslenen üstünliklerimiziň berk binýadydyr diýip uly buýsanç bilen bellediler. Öz Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri ýurdumyz ýylsaýyn ösüşlerden-ösüşlere tarap ynamly öňe barýar, durmuş-ykdysady maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär. 

Şeýle hem maslahatyň dowamynda şeýle asuda baky bagtyýar durmuşy türkmen halkyna peşgeş beren Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

TSTP