Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

KONSTITUSIÝA WE DÖWLET BAÝDAGY – MILLI GYMMATLYGYMYZ

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, «Ýörite geýimler dünýäsi» hususy kärhanasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzyň esasy ýörelgelerinden hem-de maksatlaryndan ugur alyp, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Garaşsyz döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň halkara abraýyny yzygiderli ýokarlanýar. Nesillerde milli gymmatlyklarymyza, şol sanda döwlet nyşanlarymyza belent hormat-sarpany, söýgini terbiýelemek, watansöýüjilik duýgusyny döretmek hem-de kämilleşdirmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti, parahatçylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Konstitusiýamyz, Ýer ýüzünde belentden pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, dünýä ýaň salýan abraýymyz we mertebämizdir.

Ýurdumyzy ýagty ertirlere, aýdyň ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

TSTP