Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

Abatlygyň – ýaşaýşyň ebediligi

2021-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda “Lälezar zaman” hususy kärhanasynda Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň  Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli işleri geçirmek maksady bilenб “Abatlygyň – ýaşaýşyň ebediligi” atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi. Bu çärede Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy T.Jumadurdyýewa, “Lälezar zaman” hususy kärhanasynyň direktory G.Öwezgeldiýew çykyş etdiler. 

Çykyşlarda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Esasy kanunymyz bolan Konstitusiýamyzda bellenilişi ýaly, “Türkmenistanda  jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr” diýmek bilen, ykrar edilen şu kada görä döwletimizde adamyň ömrüni, saglygyny goramak, asuda bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini nygtadylar. Raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin asuda jemgyýeti döretmek hem-de jemgyýetçilik hukuk tertibini ýokary derejede üpjün etmek boýunça uly işler alynyp barylýar. Ýurdumyzda abadan, parahat durmuşy üpjün etmek jenaýatçylyklaryň öňüni almak maksady bilen, tutuş jemgyýetiň tagallalarynyň wajypdygyny we bu ýagdaýlary sebäplerini içgin sazlaşykly işleri geçirmek zerurdyr. Biziň esasy maksadymyz yzygiderli ösýän, kämilleşýän asuda jemgyýeti kemala getirmekden ybaratdyr diýip aýtdylar.

Çykyş eden maslahaty jemläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrinde Hormatly Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny we il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdiler.

TSTP