Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan Telekeçi B.Orazowyň önümçilik kärhanasynda zähmet çekýän ilkinji partiýa guramasynyň agzalarynyň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Ýurdumyzda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, konstitusion özgertmeleri durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işleriň netijesinde berk kanunçylyk-hukuk binýady emele geldi. Halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagynyň, ýurdumyzyň beýik ösüşlere beslenmeginiň, ata Watanymyzyň halkara abraýynyň belent derejelere göterilmeginiň bähbidine durmuşa geçirilýän işler Esasy Kanunymyza laýyklykda amala aşyrylýar. Konstitusiýamyz berkararlygymyzyň we bagtyýarlygymyzyň esasy hukuk binýady bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýanyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni her ýylyň 18-nji maýynda ýurdumyzda giňden bellenip geçilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy biziň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli döwletliligimiziň hem-de buýsanjymyzyň gözbaşydyr, abraý-mertebämiziň dünýä dolan belentligidir, abadançylygymyzyň we beýik ösüşlerimiziň dabaralanmasydyr». Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan hem ýurdumyzda bellenip geçilýän şanly seneler mynasybetli çäreleri dabaralandyrmak maksady bilen, giň gerimli işler alnyp barylýar.
Baýramlarymyz baýramlara ulaşýan ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzy uly ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!
TSTP