Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ DURMUŞ-YKDYSADY, SYÝASY WE MEDENI ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKALAR
    Şu gün...
  • ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ÖSÜŞLI ÝOLY BILEN BEÝIK GELJEGE BARÝARYS
    Şu gün...

BEÝIK ÝEŇIŞ MIZEMEZ – GAHRYMANLAR BAKYDYR

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda  gazanylan Ýeňişiň 81 ýyllygy mynasybetli Türkmenabat şäherindäki Beýik Watançylyk urşunyň muzeýinde wagyz-nesihat duşuşygy şeýle-de muzeýe gezelenç gurnaldy.

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş – köp sanly halklaryň bilelikdäki ýeňşidir. Ýalynly uruşda türkmen ýigitleriniň egindeşleri ruslar, ukrainler, belaruslar, gazaklar, özbekler, gyrgyzlar, azerbaýjanlar, täjikler we beýleki milletleriň wekilleri bolupdyr. Bu günki günde biz bu muzeýi synlap, ýüreklere öçmejek ýaralar salan agyr synagly, azap-horlukly, jebir-jepaly uruş ýyllarynda, Ýeňiş üçin janlaryny orta goýan ata-babalarymyzyň edermenligini, Watan üçin, ar-namys üçin söweşen merdanalarymyzy görýäris. Türkmen gerçekleriniň gahrymançylyklary Watany söýmegiň we ony goramagyň ajaýyp nusgasy bolup, halk öz gahrymanlaryny hiç wagt hakydasyndan çykarmaýar. 

Asuda, parahat Watany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň  rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP