Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

TÜRKMENISTAN – BEHIŞDI BEDEWLERIŇ MEKANY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komiteti, Mary nebit-gaz orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda orta hünär okuw mekdebinde talyplaryň Türkmeniň bedewiniň milli baýramy mynasybetli maslahat duşuşygy geçirildi.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ky­my­zyň aja­ýyp ýö­rel­ge­si, mil­li gym­mat­ly­gy dün­ýä ýa­ýyl­ýar. «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nistan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly hem hal­ky­my­zyň şan­ly Ga­raş­syz­ly­ga, ba­ky Bi­ta­rap­ly­gyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ne bo­lan buý­san­jy­ny, türk­men be­dew­le­ri­ne bo­lan gu­wan­jy­ny go­şa­lan­dyr­dy.

Mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­myz «Be­dew at türk­me­niň uçar ga­na­ty» di­ýen para­sat­ly söz­le­ri ar­ka­ly türk­men dur­mu­şyn­da bu gym­mat­lyk­la­ryň tut­ýan or­nu­ny täsir­li be­ýan edip­dir­ler. Hal­ky­myz be­dew aty­na eg­sil­mez söý­gü­si­ni my­da­ma kalbynyň tö­rün­de sak­lap­dyr. At döw­let­li­li­giň, aba­dan­çy­ly­gyň ny­şa­ny hasaplanypdyr. Ga­dy­my dö­wür­den bä­ri ata-ba­ba­la­ry­myz gapysynda aty bo­lan öýi döw­let­li, rys­gal-be­re­ket­li ojak ha­sap­lap­dyr.

Türk­men toý­la­ryn­da at­ly oýun­lar to­ýuň şow­hu­ny­ny has-da art­dy­ryp­dyr. Adam­lar­da pa­ra­hat dur­mu­şa, spor­ta bo­lan söý­gi­ni ter­bi­ýe­läp­dir, at­ly oýun­la­ryň jan­kö­ýer­le­ri ar­typ­dyr. Dün­ýä be­dew­le­ri­niň naý­ba­şy­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan ahal­te­ke be­dew­le­ri­miz hal­ky­my­zyň mil­li mi­ra­sy­dyr. 

Halkymyzyň bagtyýarlygy, ata Watanymyzyň bedew batly ösüşler bilen gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

TSTP