Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda welaýat atçylyk toplumynyň mejlisler jaýynda, syýasy partiýalaryň işjeň agzalarynyň, atçylyk toplumynyň işgärleriniň, il sylagly ýaşulylaryň we kümüş saçly eneleriň gatnaşmaklarynda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan Ahalteke bedewlerimiz barada buýsançly gürrüňler edildi.
Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza halal zähmet çekmek üçin döredip beren mümkinçiliklerine öz hoşallygyny we alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP