Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GARAŞSYZLYK WE BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ ÖSÜŞIŇ HEM-DE ABADANÇYLYGYŇ MUKADDES BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGY WE BAGTYÝAR DURMUŞY – DÖWLET SYÝASATYNYŇ BAŞ MAKSADY

    Türkmenistanyň...

  • DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ MIZEMEZLIGIŇ BERK BINÝADY

    Ýakynda...

  • ÝAŞLAR BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

    Şu gün...

  • HALKYMYZYŇ ABADAN DURMUŞYNY ÜPJÜN ETMÄGE GÖNÜKDIRILEN GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELER

    Türkmenistanyň...

BEÝIK MAKSATLARYŇ ZAMANASY – TARYHY WAKALARYŇ ÄHMIÝETI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda «Datly şerbet» ilkinji partiýa guramasynyň agzalarynyň arasynda ýaňy ýakynda Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň ulanylmaga berilmegi mynasybetli maslahat geçirildi.

Çykyş edenler Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize sagbolsun sözleri buýsançly ýaňlandy.

TSTP