Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

SPORT SAGLYGYŇ GIREWIDIR

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap komitetiniň gurnamagynda Garabekewül etrabynyň 1-nji sport mekdebinde, «Sport saglygyň girewidir» atly sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan topara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap komiteti tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. 

Giň gerime eýe bolýan şeýle çäreleriň raýatlaryň sporta bolan söýgini artdyryp, agzybirligini, jebisligini has-da pugtalandyrmakda ähmiýetiniň örän uludygy aýratyn bellenildi. Ýurdumyzda sporty kämilleşdirmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek üçin döredilip beren mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

TSTP