Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň gurnamagynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany» ýyly diýip yglan edilmegi we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ««Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary – üstünlikleri mysaly» atly brifing duşuşygy geçirildi. 

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler behişdi bedewlerimiz türkmen halkynyň uçar ganaty, göwün syrdaşy, ýow gününde baş ýoldaşy, gözelligiň soňlanmajak nusgasydyr. 2026-njy ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly. Biziň bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr, gymmatly baýlygydyr, beýik ösüşlerimiziň nyşanydyr. «At — myrat» diýlişi ýaly, täze 2026-njy ýyl bagtyýar halkymyzy maksat-myradyna ýetirer. Türkmen halky üçin 2026-njy ýyl aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýylda eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyny baýram eder. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda hem-de özbaşdak ösüş ýolunda bedew at milletimiziň ynamdar we ygtybarly ýoldaşy hökmünde aýratyn orun tutýar. Özüniň köp asyrlyk taryhy özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi bilen tutuş dünýäni haýrana goýýan ahalteke bedewlerimiz türkmen halkynyň mizemez gymmatly hazynasy hasaplanylýar diýip belläp geçdiler. 

Şeýle hem Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Eziz Watanymyzyň at abraýyny, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak ugrunda taýsyz tagallalar edýän, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir! 

Goý Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

TSTP