Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

GARAŞSYZ TÜRKMENISTAN – BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ WE ÖZGERTMELERIŇ WATANY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölüminiň binasynda welaýat partiýa komitetiniň gurnamagynda Telekeçi S.Grigorýansyň işgärleriniň gatnaşmagynda «Garaşsyz Türkmenistan – beýik ösüşleriň we özgertmeleriň Watany» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň uludan toýlanyljak ýylyna «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip at berilmeginiň aýratyn çuň many-mazmuna eýedigini hem-de ata Watanymyzda bedew batly ösüşleriň, özgerişleriň gazanylýandygyny, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleriň durmuşa geçirilýändigini uly buýsanç bilen nygtadylar.

Çykyşlaryň dowamynda mähriban Watanymyzy bedew batly ösüş-özgerişlere, öňegidişliklere besleýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş sözleri aýdyldy.

TSTP