Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Biz ýaş nesillerimize guwanýarys

2021-nji ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi Maksatmyrat Gurbanmuhammedowyň önümçilik sehinde “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” ugur alyp, ýaşlary telekeçilige çekmek maksady bilen, “Biz ýaş nesillerimize guwanýarys!” atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi. 

Bu çärede çykyş edenler Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri, esasy maksatlary we wezipeleri, esasy ugurlary barada giňden gürrüň etdiler. Olar öz çykyşynda ýurdumyzda hususy ulgamyň ösüşini geljekde has-da ýokarlandyrmak üçin ýaşlara telekeçilik işini, bu ulgamda döredilýän ýeňilliklerden peýdalanmagy, dünýäniň ösen döwletlerinde bu ugurda gazanylanlar bilen birlikde, türkmen telekeçileriniň toplan tejribelerini, ýaşlary telekeçilige çekmek, olara zerur bilim başarnyklary öwretmek barada belläp geçdiler. Geçirilen çärede işjeň partiýa agzalaryna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň adyndan Hormat hatlary gowşuryldy. 

TSTP