Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

ÖSÜP GELÝÄN NESILLER BARADA ALADA

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň gurnamagynda Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda «Dünýäde ýaşaýan ähli çagalar hakyndaky alada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üns merkezinde durýar» atly maslahat duşuşygy geçirildi. 

Maslahata gatnaşyjylar gadymy döwürlerden bäri nurana geljegi röwşen umytlar bilen baglanyşdyrýan çagalar — ösüp gelýän nesil baradaky alada Türkmenistanyň halkara kadalara hem-de halkymyzyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Çagalary hemmetaraplaýyn alada we mähir bilen gurşap almak milletimize mahsus asylly ýörelgedir. Munuň özi häzirki zaman türkmen jemgyýetinde has-da aýdyň ýüze çykýar hem-de halkymyzyň durmuş we ruhy sagdynlygyny kesgitleýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden ruhlanyp, tutuş ýurdumyz boýunça häzirki zaman mekdebe çenli çagalar edaralary hem-de orta mekdepler, iň ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen döredijilik merkezleri, bedenterbiýe-sagaldyş we dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlary bina edildi hem-de olaryň gurluşyklary giň gerim bilen dowam etdirilýär. Şeýle merkezlerde näsag çagalar saglygyny dikeldýärler we döwrebap bilim alýarlar. Bir söz bilen aýdylanda, ýurdumyzda körpe türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Olaryň bilime, saglygyny berkitmäge bolan hukuklary berjaý edilýär, körpeleriň ruhy, aň-paýhas hem-de döredijilik babatynda ukyp-başarnyklaryny doly açmaklary üçin ähli şertler üpjün edilýär. Munuň özi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän we her bir maşgalanyň abadançylygynyň üpjün edilmegine, ösüp gelýän ýaş nesilleriň milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň aýdyň netijesidir diýip belläp geçdiler. 

Çagalar baradaky hemmetaraplaýyn alada, olaryň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn ösüp ýetişmekleri üçin ähli amatly şertleri döretmek, ýaş türkmenistanlylaryň bilime, saglygy goraýşa bolan hukuklaryny üpjün etmek we beýleki köp sanly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. 

TSTP