Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

ÝAŞLARY TELEKEÇILIGE GIŇDEN ÇEKMÄGE BAGYŞLANAN MASLAHAT DUŞUŞYGY

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýaş telekeçileri, ýaşlar kärhanalaryny höweslendirmek hem-de goldamak ýaşlar syýasatynyň esasy maksadynyň biridir» diýen ajaýyp sözlerinden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan—bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýaşlary telekeçilige çekmek, ýaş telekeçileriň döremegini gazanmak, olara başlangyç goldaw bermek, düşünjelerini giňeltmek we bu ugurda alnyp barylýan işler dogrusynda maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahat duşuşygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy, «Eziz dag» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy gatnaşyp, talyplarda telekeçilik düşünjelerini has-da ýokarlandyrdylar. Telekeçilik işiniň ýurdumyzda gülläp ösýändigini hem-de telekeçiler üçin ýeňillikli karzlaryň we salgyt ýeňillikleriniň döredilýändigi barada giňişleýin durup geçildi we birnäçe talyplary okuwyny tamamlanyndan soň «Eziz dag» hojalyk jemgyýetine işe çagyrmak bilen talyplaryň okamaga bolan höwesini has-da artdyrdy. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

TSTP