Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly-at-myradyň mekany» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, «Röwşen» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Garaşsyzlyk gymmatlygynyň özeninde ata-babalarymyzyň parahat durmuşa söýgisi, ynsanperwerlik ýörelgeleri jemlenýär» ady bilen geçirilen çärä ýyladyşhananyň işgärleri gatnaşdylar.
Çykyşlarda Garaşsyzlygyň gymmatyny, ata-babalarymyzyň arzuwlan parahat durmuşa söýgisini, şeýle hem bu ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň uludan toýlanjakdygy, eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşleri barada täsirli gürrüň edildi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP