Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ ÝYLY

Häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda-da 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli çäreler geçirilýär.

Barha rowaçlanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ruhubelentliginiň, şan-şöhratynyň has-da ýokary göterilmegine goşant goşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komiteti golaýda wagyz-nesihat  çäresini geçirdi.

Çärede  çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny işjeň dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen şu ajaýyp ýylyň ilkinji günlerden şanly wakalara, uly üstünliklere beslenýändigini guwanç bilen bellediler hem-de öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Oňa gatnaşanlar täze taryhy eýýamda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýädäki at-abraýyny arşa göterýän, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagy ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.

TSTP