Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň binasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli işewür zenanlaryň arasynda duşuşyk geçirildi.
Täze taryhy eýýamda Hormatly Prezidentimiziň milli telekeçilerimize berýän goldaw-hemaýatyndan, ýurdumyzyň ösmegi ugrunda edýän tagallalaryndan egsilmez güýç-kuwwat alýan hususyýetçi zenanlarymyz hem bu günki gün alyp barýan işlerinde belent sepgitlere ýetmek üçin birnäçe işleri alyp barýarlar.
Ýurdumyzda edermen telekeçilerimiziň işini kämilleşdirmeklige we telekeçilik işiniň islendik görnüşi bilen meşgullanmaklyga bu gün ýurdumyzda uly mümkinçilikler döredilen. Hususyýetçilerimizi goldamak üçin amatly şertleriň giň mümkinçilikleriň döredilmegi diňe bir bäsdeşlige ukyply, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürmek bilen çäklenmän eýsem ýurdumyzda birnäçe iş orunlaryny döretmäge hem uly ýardam berýär.
Asuda, parahat Watanymyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bu ugurda telekeçilik işi bilen meşgullanýan zenanlarymyza hem aýratyn uly üns berilýär. Ýurdumyzda öňe sürilýän gender deňliginiň kadalaryna laýyklykda zähmetkeş zenanlarymyzyň hak-hukuklaryna bu gün uly üns berilýär. Bu ugurda edermen telekeçilerimiziň alyp barýan işini kämilleşdirmek we telekeçilik işini dünýä standartlarynyň talaplaryna görä ösdürmekde ýurdumyzyň zenan telekeçileriniň hem hyzmatlary sanardan kändir.
Zenanlar döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris!
TSTP