Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň gurnamagynda Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy geçirildi.
Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda aýdymçylar tarapyndan hem-de çykyş edenler tarapyndan gelin gyzlarymyzy wasp edýän ajaýyp aýdym sazlar, goşgular ýerine ýetirildi. Bahar paslyna meňzedilýän gelin gyzlarymyza Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we gül çemenleri gowşuryldy. Şeýle hem dabaranyň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ene-mamalarymyzdan günümize gelip ýeten ajaýyp milli gymmatlygymyz bilen, ýaş nesillerimize dowam bolmagy ugrunda birnäçe ägirt uly işler amala aşyrylýar diýip aýratyn nygtap geçdiler.
Zenanlarymyza şeýle uly hormat goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
TSTP