Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

WATANYMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA BELENDE GALÝAR

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi A.Rejepowanyň «Gerçek» haryt nyşanly önümçilik  kärhanasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparyny hem-de şol saparyň çäklerinde «Al–Arabiýa» teleýaýlymynda beren interwýusyny giňden wagyz etmek boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu bolsa gatnaşyklary has-da öňe ilerletmekde möhümdir. Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda şu gezekki sapary iki taraplaýyn hyzmatdaşlykda täze sahypany açar.

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hoşniýetlilik we deň hukuklylyk ýörelgelerine esaslanýar. Birnäçe ugurlary öz içine alýan netijeli gatnaşyklar häzirki wagtda ösüşiň täze derejesine çykýar. Şunda bu ýurduň dünýä belli kompaniýalarynyň birnäçesi ýurdumyzda oba hojalygy, senagat ugurlary boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar.

Şeýlelikde, türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy diňe bir iki ýurduň däl, eýsem, dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen möhüm gatnaşyklara öwrülýär. Bularyň ählisi däp bolan döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamaga kuwwatly itergi berýär. Munuň özi Türkmenistanyň we ABŞ-nyň bähbitlerine doly laýyk gelýär hem-de iki ýurduň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň berkidilmegine hyzmat edýär.

Goý, Türkmenistandan dünýä ýurtlaryna uzaýan dostluk ýollary baky dowamat-dowam bolsun!

Goý, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

TSTP