Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNA GÖNÜKDIRILEN BEÝIK IŞLER

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komitetiniň, Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda «Watanymyzyň rowaçlygyna gönükdirilen beýik işler» atly wagyz-nesihat duşuşygy  geçirildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda güneşli Diýarymyzda ykdysadyýetiň, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda yzygiderli amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň, dünýä ýurtlarynyň ygtybarly ösüşini üpjün etmäge mynasyp goşandyny görýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem ýaşaýyş-durmuşymyzy täze belentliklere göterýän beýik tutumlara beslenýär.

Ata-Watanymyz gazanylýan ösüşleriň we özgerişleriň netijesinde ähli ugurlarda uly üstünliklere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletli tutumlar has-da rowaçlanýar. Ykdysadyýetiň ýokary ösüşini üpjün etmek ýaly möhüm wezipeleriň çözgütleri bolsa, ilkinji nobatda, bilimiň kämilligi bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem bilim ulgamyndaky özgertmeler häzirki döwürde çuňňur many-mazmuna eýe bolýar. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň geljegi üçin zehinli, ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde durmuşa geçirilýän işler gitdigiçe rowaçlanýar diýip aýtdylar. 

Duşuşygy gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän ähli mümkinçilikler üçin sagbolsunlaryny aýtdylar.

TSTP