Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

TELEKEÇILIGI ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komiteti, Mary welaýat maliýe – ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda gurnamagynda,  Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň II ýyllyk talyplarynyň arasynda  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýaş telekeçileri, ýaşlar kärhanalaryny höweslendirmek hem-de goldamak ýaşlar syýasatynyň esasy maksadynyň biridir» diýen ajaýyp sözlerinden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýaşlary telekeçilige çekmek, ýaş telekeçileriň döremegini gazanmak, olara başlangyç goldaw bermek, düşünjelerini giňeltmek we bu ugurda alnyp barylýan işler dogrusynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Telekeçi Çaryýew Berdimuhammet, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti başlygy Täzegül Jumadurdyýewa gatnaşyp, talyplarda telekeçilik düşünjelerini has-da ýokarlandyrdylar.   

Duşuşygy ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

TSTP