Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Garaşsyzlyk, döwletimiziň mizemezliginiň müdimi binýadydyr

2021-nji ýylyň  2-nji iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň  telekeçiler mekdebiniň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň işgärleriniň gatnaşmagynda  Garaşsyzlyk döwründe gazanan üstünliklerimizi berkidip, has belent sepgitlere ruhlandyrmak maksady bilen “Garaşsyzlyk, döwletimiziň mizemezliginiň müdimi binýadydyr”  atly maslahat geçirildi.

Geçirilen bu maslahatda çykyş edenler “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda  gazanylan üstünlikler Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň bedew bady bilen öňe barýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Eziz Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegine, saglygy goraýyş, medeniýet, bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň kämilleşdirilmegine we bu ugurlar boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Mundan beýläk hem Garaşsyz Watanymyzyň has uly üstünlikleri gazanjakdygyna, belent sepgitlere ýetjekdigine, merdana halkymyzyň hemişe abadan we bagtyýar durmuşda ýaşajakdygyna berk ynanýandyklaryny aýdyp, Halkymyzyň  bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömriniň  uzak, tutumly işleriniň  rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP