Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GARAŞSYZLYK WE BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ ÖSÜŞIŇ HEM-DE ABADANÇYLYGYŇ MUKADDES BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGY WE BAGTYÝAR DURMUŞY – DÖWLET SYÝASATYNYŇ BAŞ MAKSADY

    Türkmenistanyň...

  • DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ MIZEMEZLIGIŇ BERK BINÝADY

    Ýakynda...

  • ÝAŞLAR BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

    Şu gün...

  • HALKYMYZYŇ ABADAN DURMUŞYNY ÜPJÜN ETMÄGE GÖNÜKDIRILEN GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELER

    Türkmenistanyň...

BEDEW BATLY DIÝARDA – ÖSÜŞLI MENZILLERE TARAP

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda «Ajap önüm» hojalyk jemgyýetiniň zähmet çekýän partiýa agzalarynyň  arasynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz,  baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly  at-myradyň mekany ýyly»  diýlip yglan  edilmegi mynasybetli  wagyz-nesihat duşuşygy  geçirildi. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özüne mynasyp şygary bilen gelýän ýyllarynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyz ýeňişli menziller bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýyla gadam basan türkmen ili tutanýerli zähmet çekýär. Şu şowly gadamlar bedew ýylynyň rowaçlyga beslenjekdigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa, «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri has-da berkitmegi kepillendirýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy wakasy boljak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy uly dabara bilen bellenilip geçiler. Ýurdumyzyň işewürleri hem bu şanly toýa zähmet sowgatlary bilen bararlar. 

Duşuşyga gatnaşyjylar mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň telekeçiler üçin döredilýän ähli goldaw-hemaýatlary üçin sagbolsunlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP