Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AK ÝOLLARYŇ RÖWŞEN BOLSUN, BEDEW BATLY ŞANLY ÝYL

    Türkmenistanyň...

  • HUSUSY PUDAK ÖSÜŞ ÝOLUNDA

    Berkarar...

  • TÄZE TARYHY DÖWÜRIŇ NUSGALYK ÖSÜŞLERI-GARAŞSYZ WE BITARAP TÜRKMENISTANYŇ BAŞ ÝÖRELGESI ” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI.

     ...

  • “BEDEW BATLY, ŞAN – ŞÖHRATLY DIÝARYM” ATLY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

    Türkme...

  • “BEDEW BATLY ÖSÜŞLER – GÜLLER AÇSYN DIÝARDA” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI.

    Türkme...

“BEDEW BATLY, ŞAN – ŞÖHRATLY DIÝARYM” ATLY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda “Bedew batly, şan – şöhratly diýarym” atly duşuşygy geçirildi 

2026-njy ýylyň 15-nji ýanwary  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda   Telekeçi Maýsa Anzarowanyň önümçilik sehinde   “Bedew batly ösüşler – güller açsyn Diýarda” atly maslahaty  geçirildi.

Çykyşlarda  :  Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzy has-da gülledip ösdürmekde beýik işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz isleg-arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyna öwrüldi. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir !”, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!”diýen parasatly ýörelgelerine eýerýän halkymyz parahat we abadan durmuşda ýaşaýar. Ýurdumyz ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Her bir ýyly mynasyp şygar bilen atlandyrýarys. Üstümizdäki ýyl barada aýtsak, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan, raýatlardan gelip gowşan teklipler göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edildi. 

Şu ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça Ýylky ýyly. At has gadymy döwürlerden bäri ýow  güni ýigidiň ýoldaşy, ýakyn syrdaşy bolupdyr. At ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň   şanly 35 ýyllygynyň toýuny uludan toýlarys diýip aýtdylar.

TSTP