Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda 2026-njy ýyl: “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Bedew batly ösüşler – güller açsyn Diýarda” atly maslahaty geçirildi
2026-njy ýylyň 8-nji ýanwary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi bilen bilelikde gurnmagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda 2026-njy ýyl: “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batlyt at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Bedew batly ösüşler – güller açsyn Diýarda” atly maslahaty geçirildi.
Çykyşlarda : Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen ili“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany”diýlip yglan edilen ýyly ilkinji günlerinden zähmet ýeňişleri bilen şöhratlandyrmak ugrunda döredijilikli zähmet çekýär. Täze ýylymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Aýratynam, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň giňden baýram ediljek uly toýunyň buýsanjy il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürmekde bitirilýän işler giň gerime eýe bolýar. Şeýle döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işlere goşantly bolmak her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Täze ýylyň baýramyny şowhun- şagalaň bilen toýlan il-günümiz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan täze ýyla gadam basdy. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzyň bazarlarynda we dükanlarynda haryt bolçulygynyň döredilendigi Täze ýyl baýramynyň dabarasyna dabara goşdy. Biz ýaňy başlanan ýylymyzda- da ilata edilýän söwda hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen degerli işleri durmuşa geçirýäris diýip aýtdylar.
TSTP