Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Ezberler öňe saýlandy

Türk­me­na­bat şä­herin­dä­ki 6-njy sport mek­de­bin­de 2009 we 2010-njy ýyl­lar­da dog­lan ýaş­la­ryň ara­syn­da bad­min­ton bo­ýun­ça Le­bap wela­ýa­ty­nyň bi­rin­ji­li­gi ge­çi­ril­di.

Gyz­la­ryň ara­syn­da ýe­ke­le­ýin çy­kyş et­mek­de bi­rin­ji or­ny we­la­ýat mer­ke­zi­niň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň türge­ni Ba­har Ju­ma­ny­ýa­zo­wa eýe­le­di. Ikin­ji, üçün­ji orun­la­ra de­giş­li­lik­de Çär­jew et­ra­by­nyň ýy­gyn­dy to­pary­nyň we­kil­le­ri Dia­na Rüs­te­mo­wa bi­len Mäh­ri Döw­le­to­wa my­na­syp bol­du­lar. Bu ikitür­ge­niň jü­büt­le­ýin çy­kyş et­mek­de ge­çi­ri­len bäs­le­şik­de baş baý­ra­ga my­na­syp bo­lan­dykla­ry­ny bel­le­mek ge­rek. Dia­na­dyr Mäh­ri bi­len bir to­par­da çy­kyş ed­ýän Ma­li­ka Rah­me­do­wa­dyr Aý­nur Şa­my­ra­do­wa hor­mat mün­be­ri­niň üçün­ji bas­gan­ça­gy­na çyk­dy­lar. Ju­ma­ny­ýa­zo­wa bi­lenNi­gi­na Ça­ryýe­wa­nyň çy­kyş­la­ry bol­sa kü­müş me­dal ge­tir­di. Og­lan­la­ryň ara­syn­da­ky bäs­le­şik Çär­jew et­ra­by­nyň ýy­gyn­dy to­pa­rynyň do­ly ar­tyk­maç­ly­gyn­da geç­di. Bäs­le­şi­giň je­mi bo­ýun­ça hor­mat mün­be­ri­niň äh­li bas­gan­ça­gy­ny bu et­ra­byň tür­gen­le­ri – Mak­sat Rus­la­now, Ja­han­gir Baý­my­ra­dow hem-de Ra­ma­zan Ýu­su­pow eýe­leme­gi ba­şar­dy­lar. Baý­ra­ga my­na­syp bo­lan bu üç­lü­ge go­şu­lan Şöh­rat Ro­zy­ýe­wiň çy­kyş­la­ry jü­büt­le­ýin bäs­le­şik­de hem il­kin­ji iki or­ny ge­tir­di. Bu bäs­deş­lik­de üçün­ji or­ny Amy­der­ýa­nyň bo­ýun­da­ky şä­he­riň we­kil­le­ri Şat­lyk Öwe­zow bi­len Ata­baý Me­ret­gul­ly­ýew eýe­le­me­giň höt­de­sin­den gel­di. Şeý­le­lik­de, ge­çi­ri­len bäs­le­şi­giň je­mi bo­ýun­ça 3-nji or­ta mek­de­biň okuw­çy­la­ryn­dan dü­zü­len Çär­jew et­ra­by­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry bi­rin­ji or­ny eýe­le­di. Bad­min­to­na ýö­ri­tele­şen esa­sy mek­dep­le­riň bi­ri bo­lan bu mek­dep­de et­ra­byň 1-nji sport mek­de­bi­niň tä­lim­çi­si Ka­dyr­gu­ly Ila­ma­no­wyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça bad­min­ton bi­len meş­gul­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Us­sat tä­lim­çi­niň ta­gal­la­sy di­ňe bir we­la­ýa­tyň däl, eý­sem-de, ýur­du­my­zyň çä­gin­de ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­ler­de hem ne­ti­je­li çy­kyş ed­ýän oba ýaş­la­ry­ny ýe­tiş­dirip bol­ýan­dy­gy­ny gör­ke­zip gel­ýär. To­par­la­ýyn bäs­le­şik­de ikin­ji or­ny G.Ju­ma­ny­ýa­zo­wyň ýol­baş­çy­lygyn­da­ky Türk­me­na­ba­dyň ýy­gyn­dysy eýe­le­di. Ýe­ňi­ji bo­lan­la­ryň hem­me­si hem Le­bap we­la­ýa­ty­nyň sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty Baş mü­dir­li­gi­niň dip­lomla­ry bi­len sy­lag­lan­dy­lar. Baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bo­lan­la­ra ýö­ri­te sow­gat­la­ry ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni esa­sy ug­ry edin­ýän Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry gow­şur­dy­lar.

TSTP