Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

“TÄZE ÝYLYŇ ŞATLYGY – DÖWRÜŇ BAGTYÝARLYGY” ATLY AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI

2025-nji ýylyň 25-nji dekabrynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti,    Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölümi bilen bilelikde gurnamagynda “Bagt köşgi”            toý-dabaralar merkezinde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Täze ýylyň şatlygy – döwrüň bagtyýarlygy” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. 

Baýramçylyk çäresinde Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň  bagşy-sazandalarynyň täze ýyla bagyşlanan aýdym-sazlaryna we Mary weläýat Halk döredijilik merkeziniň aýdymçysy, Murgap etrap medeniýet merkeziniň aýdymçylary, Mary şäher Margiana medeniýet köşgüniň aýdymçysy, Türkmeniň “Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi we beýleki etrap medeniýet merkezleriniň aýdymçylary hem-de tans toparlarynyň  ýerine ýetiren görkezme çykyşlaryna giň orun berildi.  

Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar türkmen halkymyzy Täze ýyl baýramy bilen gutlap, Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

TSTP