Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

Kalbyň mähri siňen sungat

2021-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler  partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölümi bilen bilelikde  gurnamagynda birleşmäniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda  Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde milli amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eseriniň – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesiniň bu muzeýe gowşurylmagyna bagyşlanan dabara we bu waka mynasybetli “Kalbyň mähri siňen sungat” atly maslahaty geçirildi.

Çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň käbesiniň on barmagynyň hünäri bolan, inçelik bejerilen kürte Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýine ýarym asyr mundan ozal ýerine ýetirilen bu ajaýyp el işleriniň muzeýe gowşurmak dabarasynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň günine gabat gelmegi  halkymyzyň durmuşynyň onuň milli mirasy bilen aýrylmaz baglanşyklydygyny aýdyň görkezmek bilen birlikde, Watanmyzyň döwletlilik binýadyny hem özünde jemlenilýändigini subut edýär. Çykyşlarda gelin-gyzlarymyzyň gadymdan gelýän milli ýol-ýörelgelerimize laýyklykda baýlaşdyrýan däp dessurlarynyň bu gün mynasyp dowam etdirilýändigi ýüze çykýar. Ogulabat ejäniň bejeren kürtesini muzeýe gowşurmagynyň ata-babalarymyzyň galdyran mirasyny gözüň göreji deý goraýan türkmenleriň dowamatlylygynyň saklanyp galmagyna   hem-de milli gymmatlyklarynyň hataryndaky ruhy genji-hazynanyň geljekde hem giňden wagyz edilmegine ýardam berjekdigini biragyzdan bellediler we munuň üçin Ogulabat ejä taňryýalkasyn aýdyp, tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP