Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GARAŞSYZLYK WE BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ ÖSÜŞIŇ HEM-DE ABADANÇYLYGYŇ MUKADDES BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGY WE BAGTYÝAR DURMUŞY – DÖWLET SYÝASATYNYŇ BAŞ MAKSADY

    Türkmenistanyň...

  • DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ MIZEMEZLIGIŇ BERK BINÝADY

    Ýakynda...

  • ÝAŞLAR BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

    Şu gün...

  • HALKYMYZYŇ ABADAN DURMUŞYNY ÜPJÜN ETMÄGE GÖNÜKDIRILEN GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELER

    Türkmenistanyň...

“Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

2021-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler  partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda birleşmäniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli ýakynda Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabarada çykyşlarda täze eseriň Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň hataryny artdyrandygy buýsanç bilen bellenildi hem-de şu mynasybetli Milli Liderimiziň adyna gutlag sözleri aýdylar. 

            Umuman aýdylanda, owadan paýtagtymyzda Hormatly Prezidentimiziň  tagallalary bilen medeni –durmuş maksatly binalary gurmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylydy. Ýurdumyzyň baş şäheri onuň ýaşaýjylarynyň ýürekden söýgüsiniň aýdyň mysalydyr. “Ak şäherim Aşgabat” kitaby bolsa paýtagtymyzyň şanly 140 ýyllygy mynasybetli Milli Liderimiziň halkmyza ajaýyp ajaýyp peşgeşidir.

Hormatly Prezidentimiziň Ata Watanymyzy gülledip ösdürmekde, onuň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmakda alyp barýan        il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikler hem-de Gahryman Arkadag Prezidentimiziň jany sag, başy dik, ömri uzak bolmagy arzuw etdiler.

TSTP