Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

  • ŞANLY ÝYLY DABARALANDYRAN BÄSLEŞIK

    Berkarar...

DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

Şu gün «Röwşen» hususy  kärhanasynda zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň arasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komiteti  tarapyndan  Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň baýramçylygynyň barha golaý gelýändigini, Türkmenistanyň Bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň üçüsinde kesgitlenilişi ýaly, sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyryp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikleriň ýola goýulýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly daşary syýasaty umumadamzat bähbitli ýörelgäni nazarlaýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyla golaý döwründe Türkmenistan dünýäniň döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli dost-doganlyk gatnaşyklary ileri tutýan döwletdigi bilen tanalýandygy dogrusynda durup geçdiler.

Çärä gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

TSTP