Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GARAŞSYZLYK WE BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ ÖSÜŞIŇ HEM-DE ABADANÇYLYGYŇ MUKADDES BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGY WE BAGTYÝAR DURMUŞY – DÖWLET SYÝASATYNYŇ BAŞ MAKSADY

    Türkmenistanyň...

  • DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ MIZEMEZLIGIŇ BERK BINÝADY

    Ýakynda...

  • ÝAŞLAR BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

    Şu gün...

  • HALKYMYZYŇ ABADAN DURMUŞYNY ÜPJÜN ETMÄGE GÖNÜKDIRILEN GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELER

    Türkmenistanyň...

PARAHATÇYLYK ÖSÜŞ ÝOLUNDA YNAMLY GADAMLAR

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan Telekeçi B.Orazowyň önümçilik kärhanasynda «Parahatçylykly ösüş ýolunda ynamly gadamlar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynyň belent sepgitleri, şanly wakalary il-günümizi ýeňişli menzillere ruhlandyrýar. Bu babatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly taryhy wakalary bilen tapawutlanyp, guwanjymyzy goşalandyrýar. Garaşsyz, Bitarap döwletimiz halkara maslahatlarynyň geçirilýän ýurduna öwrülmek bilen, at-abraýy täze belentliklere çykýar. Türkmen ili ýeňişlere beslenýän ýylymyzyň ýene bir taryhy wakasyna — hemişelik Bitaraplygymyzyň     30 ýyllygynyň uly toýuna taýýarlyk görýär. Bu gün dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanymyzy parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli döwlet hökmünde tanaýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ýöredýän parasatly we öňden görüjilikli daşary syýasatynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu syýasat sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, birek-birege hormat goýmagy pugtalandyrmagyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň syýasatydyr. 

Häzirki döwürde Türkmenistanyň alyp barýan ynsanperwer içeri we daşary syýasaty dünýä döwletleriniň nazaryny özüne çekýär. Çünki, biziň ýurdumyz sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde, şeýle-de, döwletiň içki asudalygyny doly üpjün edip, Bitaraplyk syýasatyny durnukly amala aşyrýan, halkara diplomatiýasyna netijeli goşant goşýan, durmuşyň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanýan döwlet hökmünde tanalýar.

Halkymyzyň hal-ýagdaýyny barha gowulandyrmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

TSTP