Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY
    Şu gün...
  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – HALK BÄHBITLI ÇÖZGÜTLER

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýat bölümi bilen bilelikde gurnamagynda Lebap welaýat Gümrükhanasynyň mejlisler jaýynda partiýanyň agzalarynyň we serkerdeleriň gatnaşmaklarynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – halk bähbitli çözgütler» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilmeli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň il-ýurt bähbitli ähmiýeti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada gürrüňler edildi. 

Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza işlemek, asuda-parahat ýaşamak, üçin döredip beren ähli mümkinçiliklerine öz hoşallygyny  we alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP