Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan birleşmäniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Halk Maslahatynyň – Watanmyzyň rowaçlygyna, halkymyzyň abadançylygyna nazarlaýan tutumlary» atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi.
Döwletli işler, tutumly başlangyçlar geňeşli maslahatyň netijesinde amala aşyrylýar. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini, Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk toýuny hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeler, agzybirlik ýoly barha rowaçlanýar. Çünki aýdyň maksatlar bilen röwşen geljegi gurmak, agzybirlik, döwletlilik jemgyýetiň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagyň müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridigini belledi. Häzirki taryhy döwürde bu däpler ýurdumyzyň ösüşinde ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrülendir.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisi türkmen halky üçin ähli ugurda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler.
TSTP